«Renault» innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanyp, «Formula 1» hereketlendirijileriniň önümçiligini täze ugra özgerdýär
02 Oktýabr
«Renault» innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanyp, «Formula 1» hereketlendirijileriniň önümçiligini täze ugra özgerdýär

Fransuz awtoulag ägirdi «Renault» öz işinde strategiki özgertmeleri yglan etdi. 2026-njy ýyldan başlap, kompaniýa Formula 1 üçin hereketlendirijilerini işläp taýýarlamagy bes eder, «Renault» we «Alpine» modelleriniň geljekki kysymlary üçin öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek üçin öz önümçiligini täze ugra gönükdirer – diýip, runews24.ru saýty habar berýär. Ozal kompaniýanyň Wiri-Şatiýondaky ýaryşa gatnaşýan bolidler üçin hereketlendirijileri öndürmeklige ýöriteleşdirilen kärhanasy indi innowasiýa-inženerçilik merkezine öwrüler.

Önümçilik hatarlary 2025-nji ýylyň möwsüminiň ahyryna çenli kadaly işlemegini dowam etdirer. Şeýle-de bolsa, «Formula 1» üçin täze hereketlendirijileriň işläp taýýarlanyşy eýýäm togtadylandyr. Döwrebaplaşdyrylan merkeziň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda «Alpine» superkaryny işläp taýýarlamak, elektrik hereketlendirijileri pudagyndaky gözlegleri alyp barmak we täze akkumlýatorlaryň tehnologiýalaryny döretmek ugurlary bar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»