«Citroën» kompaniýasy Pariž awtosergisine üç täze görkezişini taýýarlaýar
04 Oktýabr
«Citroën» kompaniýasy Pariž awtosergisine üç täze görkezişini taýýarlaýar

Fransuz awtoulag öndürijisi bolan «Citroën» öňümizdäki Pariž awtoulag sergisinde baý mazmunly maksatnamany hödürlejekdigini wada berýär – diýip, auto.ru saýty ýazýar. «C3 Aircross» ýaly eýýäm hemmelere belli bolan täze ulaglardan başga, kompaniýa birbada üç sany täze modelini görkezişe çykarar.

Kompaniýanyň syrly taslamasy aýratyn gyzyklanma döredýär, ol «Citroëniň» geljekdäki önümçilik modelleriniň buşlukçysy bolmagy hem ahmal.

Onuň dizaýny örän batyrgaý we täsirli bolmagy wada berýär. Täze taslama bilen ugurdaş ýagdaýda C4 we C4 X awtoulaglarynyň täzelenen görnüşleri görkeziler, olar has salykatly we döwrebap daşky görnüşe eýe bolarlar.

Bilermenler bu taslamanyň C4 awtoulagynyň indiki nesli ýa-da meşhur C5 Aircross krossoweriniň täze wersiýasy bolup biljekdigini çaklaýarlar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem