6-njy oktýabrdaky dynç güni 7-nji oktýabra geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti «Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda» Permana gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, resminamada 2024-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç gününi 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirmelidigi, Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär.
Resminama Hatyra gününiň dynç gününe düşýändigi sebäpli we Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda kabul edildi.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»
şeýle hem okaň:
//=YII::t('app','Similar')?>


