«Pirelli» we «Bosch» kompaniýalary «akylly» tekerleri döretmekde tagallalaryny birleşdirýärler
05 Oktýabr
«Pirelli» we «Bosch» kompaniýalary «akylly» tekerleri döretmekde tagallalaryny birleşdirýärler

«Pirelli» kompaniýasy «Bosch» bilen hyzmatdaşlykda öndüren iň öňdebaryjy datçikler bilen enjamlaşdyrylan «Cyber Tire» innowasion tekerlerini görkezişe çykardy. Bu «akylly» tekerler hakyky wagtda basyş, temperatura we tizlenme baradaky maglumatlary ýygnamaga ukyply bolup, gönüden-göni awtoulagyň bortdaky kompýuterine geçirmegi başarýar.

Bu utgaşmanyň netijesinde awtoulag dürli ýol şertlerine uýgunlaşyp, iň ýokary sürüjilik howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün edip biler. Bu barada SPEEDME.RU saýty ýazýar. «Pagani Utopia Roadster» superkarynyň eýeleri ilkinji bolup bu «akylly» tekerleriň tehnologiýasyna ýokary baha berdiler.

Geljekde «Pirelli» kompaniýasy «Cyber Tire» tekerleriniň ulanylyşyny beýleki ulag modellerine, şol sanda elektrik ulaglaryna we sürüjisiz özbaşdak dolandyrylýan ulaglara çenli giňeltmegi meýilleşdirýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem