Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
07 Oktýabr
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistanda döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň köpýyllyk däplerine daýanýan strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Russiýanyň ähli halkynyň bähbidine gönükdirilen jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme : Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Şeýle hem