Bakuwda «Zyňyndysyz ýük daşamak boýunça jarnama» gol çekildi. Trend saýtynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, resminama Howa boýunça hereketler hepdeliginiň çäklerinde geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda gol çekildi. Jarnama gol çeken kompaniýalar zyňyndylary azaltmak baradaky borçnamalaryna ygrarlydyklaryny mälim etdiler.
Howa boýunça hereketler hepdeliginiň 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli dowam edýändigini we onuň Bakuwda ilkinji gezek geçirilýändigini bellemelidiris. Bu çäre noýabr aýynda Bakuwda geçiriljek COP29 maslahatynyň öňüsyrasynda howa meýilnamasynyň esasyny düzmelidir.
Howa boýunça hereketler hepdeligi syýasat, maliýe, söwda, maýa goýum, ylym, sungat, medeniýet, raýat jemgyýeti we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly birnäçe pudaklar boýunça esasy gyzyklanýan taraplary bir ýere jemledi.
Hepdeligiň birinji ýarymy (30-njy sentýabr - 2-nji oktýabr aralygy) döwlet edaralarynyň, okuw jaýlarynyň we hususy pudagyň gatnaşmagynda howa boýunça çözgütlere bagyşlanýar. Onuň ikinji ýarymynda (3-4-nji oktýabr aralygy) esasy üns ylym, bilim, sungat, medeniýet we beýleki pudaklara gönükdiriler. Howa boýunça hereketler hepdeliginiň çäklerinde şäheriň dürli künjeklerinde köp çäreler gurnamak meýilleşdirilýär.