Meşhur «DeLorean DMC-12» awtoulagy satuwa çykarylýar
09 Oktýabr
Meşhur «DeLorean DMC-12» awtoulagy satuwa çykarylýar

«Yzyňa geljege gaýdyp gelmek» filminde meşhurlyk gazanan ady belli «DeLorean DMC-12» awtoulagy satuwa çykarylýar. «Garage Kept Motors» amerikan kompaniýasy indi seýrek duş gelýän kupe awtomobilini satyn almagy teklip edýär. 1982-nji ýylda çykan bu awtoulag ol diýen kän sürülmedik, hem-de bilermenleriň pikiriçe, ajaýyp ýagdaýda saklanyp galypdyr. Bu meşhur awtoulagyň bahasy 79 900 dollara barabar bolup, ol «Chevrolet Corvette Stingray» sport awtomobiliniň başlangyç bahasyndan hem ýokarydyr – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

«DeLorean» awtoulagy soňky 40 ýylyň dowamynda bir eýäniň elinde bolup, oňa gowy seredilipdir. Şu döwrüň içinde awtoulag bary-ýogy 14 500 kilometr ýol geçipdir. Şeýle yhlasly idegiň netijesinde kupe awtomobili özüniň asyl gözelligini we tehniki aýratynlyklaryny saklap galypdyr. Awtoulagyň 132 at güýjüne barabar, möçberi 2,85 litr V6 hereketlendirijisi bolup, ol bäş tizlikli mehaniki geçiriji bilen birleşdirilendir.

Birkemsiz ideg edilen ýagdaýyna garamazdan, soralýan baha gaty ýokary ýaly bolup görünýär. Deňeşdirmek üçin, 2022-nji ýylda şuňa meňzeş 1982-nji ýylda çykan has az sürlen «DeLorean DMC-12» kim ýokary söwdasynda 55 000 dollara satylypdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem