KamAZ wodorodda işleýän täze ýük awtoulagy bilen tanyşdyrdy
11 Oktýabr
KamAZ wodorodda işleýän täze ýük awtoulagy bilen tanyşdyrdy

Russiýanyň awtoulag ägirdi bolan KamAZ wodorodda işleýän hereketlendirijili innowasion «Çistogor» ýük awtoulagy bilen tanyşdyrdy.

Täze model daşky gurşawa zyýan bermezden ýangyç gaby bir gezek doldurylan ýagdaýda 400 kilometre çenli ýoly geçip bilýär. «Çistogor» ulagynyň ýük göterijiligi 20 tonnadan geçýär, bu bolsa onuň dürli pudaklar üçin bäsdeşlige ukyplylyk derejesini has-da ýokarlandyrýar – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Ýük awtoulagynyň kabinasynyň dizaýny öňdebaryjy K5 maşgalasynyň stilinde berjaý edilipdir, elektrik hereketlendirijisi bolsa rus inženerleri tarapyndan işlenip taýýarlanypdyr. Jikme-jik tehniki aýratynlyklary entek belli bolmasa-da, «Çistogor» ýük awtoulagy KamAZ bilen AFK «Sistema» wodorod tehnologiýalary merkeziniň arasynda alnyp barlan bilelikdäki işiň netijesidir – diýlip, saýtda bellenilýär.

Şeýle hem