«Honda» kompaniýasy Hytaýda özüniň ilkinji elektrik ulaglaryny çykarýan zawodyny açdy
14 Oktýabr
«Honda» kompaniýasy Hytaýda özüniň ilkinji elektrik ulaglaryny çykarýan zawodyny açdy

«Honda» kompaniýasy dünýädäki iň uly bazardaky ornuny berkitmek we satuwy ýokarlandyrmak maksady bilen Hytaýda ilkinji elektrik ulaglaryny çykarýan zawodyny açdy. Zawod ýylda 120 müňe çenli elektrik awtoulaglaryny we gibrid (garyşyk hereketlendirijilerde işleýän) ulaglaryny öndürip biler – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Täze zawodda «Honda» kompaniýasy elektrik awtoulaglarynyň birnäçe täze modellerini öndürip başlar, şolaryň hatarynda «Lingxi L» sedany we «Ye S7» krossoweri hem bolar. 2027-nji ýyla çenli «Honda» Hytaýda elektrik awtoulagynyň azyndan 10 modelini çykarmagy meýilleşdirýär, 2035-nji ýyla çenli bolsa ýerli awtoulag modelleriniň hataryny doly elektrik hereketlendirijili görnüşine geçirmegi maksat edinýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem