«Audi» täze «Q6 Sportback e-tron» kross-kupesi bilen elektrik ulaglary bazarynda öz ornuny giňeldýär
15 Oktýabr
«Audi» täze «Q6 Sportback e-tron» kross-kupesi bilen elektrik ulaglary bazarynda öz ornuny giňeldýär

«Audi» özüniň ajaýyp «Q6 Sportback e-tron» kross-kupesi bilen elektrik ulaglarynyň görnüşini giňeldýär. Täze elektrik awtoulagynyň ýokary tarapy biraz peseldilen we ol ozalkydan has süýnmek kuzowlydyr, bu bolsa onuň aerodinamikasyna we ýöreýiş ätiýaçlygyna oňyn täsir edýär – diýip, Motor.ru saýty habar berýär.

Awtoulagyň salonynda rahatlyk hem tehnologiýa gurşawy höküm sürýär. Goşa sensorly ekran, premium-synpyna degişli bolan audioulgamy we ChatGPT binýadyndaky ses kömekçisi awtoulagda amala aşyrylan her sapary has oňaýly edýär. «Güýçlendirilen» ChatGPT sekiz ýüz buýrugy tanaýar. Elektrik hereketlendirijileriniň hatary ýokary öndürijilikli SQ6 Sportback e-tron ýaly birnäçe görnüşlerde hödürlenýär. Modifikasiýalaryň ählisi täsirli dinamikany we uly ýöreýiş ätiýaçlygyny üpjün edýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem