Türkmenistanda keşdeçileriň bäsleşiginde SMS arkaly ses bermek başlandy
17 Oktýabr
Türkmenistanda keşdeçileriň bäsleşiginde SMS arkaly ses bermek başlandy

Türkmenistanyň teleýaýlymynda “Türkmen keşdeçilik sungaty --- milli mirasymyz” bäsleşiginde SMS arkaly ses bermek başlandy.

Türkmenistanyň ähli sebitlerinden bolan zenanlaryň arasynda geçirilýän bu bäsleşik köpasyrlyk taryhly türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanýar.

Bäsleşige Arkadag, Aşgabat şäherlerinden, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan çeper elli zenanlaryň toparlary gatnaşýar. SMS arkaly ses bermek üçin her toparyň öz belgisi bar.

Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy 0560 gysga belgä SMS iberip, iň gowy görýän toparyna ses berip biler.

Toparlaryň çykyşlaryny we olara baha berlişini turkmentv.gov.tm web sahypasyndan görüp bilersiňiz.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 19-njy oktýabrda sagat 10:00-da Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriler we ses berişligiň jemleri jemlener.

Bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary hem-de Türkmenistanyň

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralýar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem