Dünýäde iň köp satylýan ykjam awtoulaglaryň onlugy mälim edildi
17 Oktýabr
Dünýäde iň köp satylýan ykjam awtoulaglaryň onlugy mälim edildi

«Focus2move» konsalting kompaniýasy dünýäde iň köp satylýan ykjam awtoulaglaryň täze reýtingini çap etdi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende bu sanawda birnäçe üýtgeşme bolup geçdi – diýip, auto.ru saýty habar berýär. «Toyota Corolla» ykjam awtoulaglaryň arasynda jedelsiz lider bolup galýar. «Focus2move» kompaniýasynyň habar bermegine görä, ýaponlar bu modeliniň 711 658 sanysyny satmagy başarypdyr, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,8% köpdür.

«Honda Civic» awtomobili satylan 307 286 sany bilen ikinji orny eýeledi. Onuň yz ýanyndaky ýerleri bolsa «Hyundai Elantra» (200 945 sany, minus 10%) we «Nissan Sentra» (154 311 sany, plýus 36,8%) kysymly awtoulaglar eýelediler. «Lada Granta» awtoulagynyň üstünligi garaşylmadyk ýagdaý boldy, onuň 151 192 sanysy satylyp, ol reýtingde bäşinji orny eýeledi. Bu onuň bir ýyl ozalkysyndan 12,8% köpdür. Ilkinji onlugyň sanawyny «Volkswagen Sagitar», «Audi A3», «Volkswagen Golf», «BYD Destroyer 05» we «Maruti Baleno» kysymly awtomobiller jemleýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem