Türkmeni­s­tanyň Prezidenti «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigini yglan etdi
19 Oktýabr
Türkmeni­s­tanyň Prezidenti «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigini yglan etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, 18-nji oktýabrda Türkmeni­s­tanyň Prezidenti Se­rd­ar Berdimuhamedow ­san­ly ulgam arkaly n­obat­daky Hökümet mej­lisin­i geçirdi.

Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny, ýurduň baky Bitaraplyk derejesine ygrarlylykda alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň taryhy özgerişlerini, bagtyýar türkmen halkynyň abadan ýaşaýşyny, şöhratly taryhyny, gözel tebigatyny, milli ýol-ýörelgelerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek maksady bilen, «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler.

Şeýle-de bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Edebiýat we sungat» gazetinde dolulygyna çap ediler.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigini ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

Prezident Se­rd­ar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň milli medeniýeti ösdürmekde, medeni mirasy öwrenmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, kämil eserleriň döremeginde möhüm ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýer M.Mämmedowa iberdi we bu möhüm bäsleşigi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem