Mihael Şumaheriň bolid awtoulagy kim ýokary satuwyna çykaryldy
21 Oktýabr
Mihael Şumaheriň bolid awtoulagy kim ýokary satuwyna çykaryldy

Formula-1 ýaryşynda Mihael Şumaheriň öz şöhratly sport ýoluny geçen dünýä belli Ferrari bolidi kim ýokary satuwyna çykaryldy. «The Mirror» neşiriniň habar berşi ýaly, 2006-njy ýylyň möwsüminde Şumahere bäş ýeňşi alyp beren bu awtoulag kolleksionerler üçin iň bir isleg bildirilýän lot bolar. Şumaheriň bolidi üçin söwdalaşyklar 14-nji noýabrda Nýu-Ýorkda geçiriler. Bilermenler bu ajaýyp awtoulagyň bahasyny 15 million dollar diýip baha berýärler.

Sotheby's-iň hususy satuw bölüminiň ýolbaşçysy Şelbi Maýers awtoulag ýaryşynda goýlan rekord şunuň ýaly aýratyn awtoulaglaryň bahasyny kesgitlemekde esasy ýagdaý bolup durýandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, Şumaheriň bolidi Formula-1 ýaryşynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär.

Formula-1 ýaryşynda dünýä çempiony atlaryna rekord derejede eýe bolan nemes sürüjisi Mihael Şumaher sport karýerasyny tamamlandan soň agyr synaglar bilen ýüzbe-ýüz boldy. 2013-nji ýylda lyža süren mahaly bolan betbagtçylykly hadysa onuň durmuşyny üýtgetdi we şondan bäri ol saglygyna uzak möhletleýin dikeldiş işlerini başdan geçirýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem