Gazagystana ýük daşamaklyga bolan sargytlaryň möçberi barha artýar
21 Oktýabr
Gazagystana ýük daşamaklyga bolan sargytlaryň möçberi barha artýar

ATI.SU halkara biržasynyň platformasynda başga ýurtlardan Gazagystana ýük daşamaklyga bolan sargytlaryň sany 49% göterim artdy — diýip, «Trend» saýtyna biržanyň metbugat gullugyndan habar berdiler.

«Hytaýdan ýük daşamaklyga bolan isleg ep-esli artdy — ýyllyk görnüşinde bu 394% boldy we ikinji çärýek bilen deňeşdirilende ol 58% artdy. Emma bu ugurdaky aňrybaş sanlar entek ol diýen uly däl, şonuň üçin hakyky bazar meýliniň muňa täsir edişi hakda bir zatlar aýtmak heniz irdir» — diýip, biržanyň habarynda nygtalýar.

Başga import ugurlarynda hem belli bir ösüşiň bardygy bellenilýär — Russiýadan, Litwadan, Türkiýeden we Özbegistandan awtomobil serişdeleri arkaly ýük daşamaga gyzyklanma barha artýar.

«Içerki ýük daşamalar çalt depginler bilen ösýär: Gazagystan boýunça ýük eltip bermek boýunça sargytlaryň sany ýyllyk görnüşinde 154% boldy, ikinji çärýek bilen deňeşdirilende ol 56% artdy. Ösüş meýliniň bardygy Milli statistika edarasy tarapynda tassyklanýar. Onuň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 8 aýynda awtomobil serişdeleri bilen ýük daşamalary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,7%, awtomobil serişdeleriniň ýük dolanyşygy bolsa – 24,7% artdy» — diýlip, ATI.SU halkara biržasynyň platformasynda habar berilýär.

Şeýle hem