
Duşenbe güni Praganyň aýlaw ýolunda ýük ulaglarynyň dinamiki agramyny ölçemek üçin birinji toplumyň gurnama işlerine başlandy (bu Ukrainanyň WiM ulgamyna meňzeşdir). Bu barada «Lardi.Today» neşiri ČESMAD BOHEMIA assosiasiýasynyň metbugat gullugynyň Facebook sosial ulgamynda beren maglumatyna salgylanyp habar berýär.
Çehiýanyň ýol we awtomagistrallar edarasynyň berýän maglumatyna görä, iki sany agram ölçeýji toplum aýlaw ýolunyň 79-njy kilometrinde iki ugurda-da, takmynan ýoluň Modletise bilen Ýesenise arasyndaky böleginde gurnalyp başlandy. Pragadaky Waslaw Gawel adyndaky howa menziline tarap gidýän zolakda ýerleşýän birinji toplumyň gurnalyşy 14-nji oktýabrda başlandy we ol 23-nji oktýabra çenli dowam eder.
29-njy oktýabrdan 15-nji noýabra çenli dowam etjek indiki tapgyrda gurluşyk işleri ýoluň merkezi bölüji zolagynda geçiriler. Bu ýerde portalyň binýady gurlar we kabel şahtasy geçiriler. Ulag hereketi diňe bölekleýin çäklendiriler, şunda hereket daraldylan zolaklardan amala aşyrylar.