FAW kompaniýasy Andižanda 100 million dollara ýük ulaglaryny öndürjek zawody gurar
23 Oktýabr
FAW kompaniýasy Andižanda 100 million dollara ýük ulaglaryny öndürjek zawody gurar

Andižanda FAW kysymly ýük ulaglaryny öndürýän täze zawod gurlar. Bu barada welaýat häkimliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Hytaýyň awtomobil öndürijisiniň wekiliýeti sebitiň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Şondan soň myhmanlar geljekki önümçilik üçin bölünip berlen meýdança bilen tanyşmak maksady bilen «Ipak Ýuli» erkin ykdysady zolagyna baryp gördüler.

Doly kuwwatyna eýe bolandan soň, zawod ýylda 10 müň ýük ulagyny öndürip biler. Taslamanyň maýa goýum möçberi deslapky bahalandyrmalara görä 100 million dollar bolar we gurluşyga noýabr aýynda başlamaklyk meýilleşdirilýär.

Şeýle hem dolandyryş edarasy kondisioner öndürýän zawodyny gurmak boýunça işleriň barşyny öwrendi. «Ipak Ýuli» erkin ykdysady zolagynda NAWAS markasy bilen kondisionerleri we howa arassalaýjy enjamlary öndürmek meýilleşdirilýär.

FAW kysymly birinji ýük ulaglary sehi 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Andižan senagat habynda işe başlapdy. UzAuto Trailer we Wodiy Universal Majmua kompaniýalary bilen bilelikdäki kärhananyň bahasy takmynan 15 million dollara barabar boldy.

Ozal Spot neşiri «TRT Auto Parts» özbek-singapur bilelikdäki kärhanasynyň BYD, Chery we Geely awtoulaglary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmäge 1 million dollardan gowrak maýa goýjakdygy barada ýazypdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem