Serdar Berdimuhamedowy Wladimir Putin garşylady
24 Oktýabr
Serdar Berdimuhamedowy Wladimir Putin garşylady

Ozal habar berşimiz ýaly, 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanyny «Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde XVI BRICS sammitine gatnaşýan wekiliýetleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Bu barada TDH habar berýär.

Belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň adyndan kabul edişlik guraldy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem