Türkmenistan Duşenbede geçirilen halkara kitap sergisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekilleri Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen «Duşenbäniň kitaplary» («Kitobi Duşanbe) halkara sergisine gatnaşdylar. Bu barada «Asia-Plus» habar berdi.
Çeşäniň bellemegine görä, 22 — 24-nji oktýabr aralygynda geçirilen halkara sergä ýerli neşirýatlaryň wekilleri, döredijilik işgärleri, şeýle-de Türkmenistan, Türkiýe, Eýran, Kytaý, Hindistan, Russiýa we Özbegistan ýaly ýurtlardan wekiller gatnaşdylar.
Halkara serginiň dowamynda oňa gatnaşan 40 neşirýat tarapyndan 5 müňden gowrak täze köpçülige tanyşdyryldy. Olarytň arasynda çeper, ylmy we çagalar edebiýatyna degişli eserler aýratyn orun eýeleýär.
Şeýle hem
//=YII::t('app','Similar')?>
Iň köp okalan
05-08-2022">
Hormatly ýolagçylar!