45 ýyla golaý arakesmeden soňra «Scout» brendi gaýdyp gelýär. «Volkswagen» kompaniýasynyň ganatynyň astynda ol eýýäm berk bäsdeşligiň höküm sürýän amerikan elektrik ulaglary bazaryny eýelemäge taýýarlanýar — diýip, rg.ru saýty habar berýär.
Ýolsuz ýerden hereket edýän «Traveler» ulag serişdesi we «Terra» pikap awtoulagy ýolsuz ýerler üçin döredilendir – uly ýol yşyklandyryşy (305 mm-den), has iri tekerleri gurnamak mümkinçiligi (35 dýuýma çenli) bar we 900 mm çuňlukdaky güzerlerden geçip bilýär.
«Scout» ulagy elektromobiliň we adaty ýol ulag serişdesiniň iň gowy häsiýetlerini özünde jemleýär. Elektrik hereketlendirijili görnüşi 560 km-den gowrak aralygy geçmäge ukyply, içinden otlanýan hereketlendiriji-generatory bilen üpjün edilen innowasion ulgam arkaly bolsa geçip biljek aralygy 800 km-den gowraga çenli artdyrylyp bilner. Şol bir wagtyň özünde, «Scout» ulagy dinamikada hem yzda galmaýar: sagatda 97 km tizlige bary-ýogy 3,5 sekuntda ýetýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»


