Özbegistanyň Ulag serişdeleri ministrligi 2025-nji ýyldan başlap duralgalarda QR kodly biletleriň satuwyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Ulag ministrligi 2025-nji ýylda Daşkentiň awtobuslarynda ýolagçy gatnawy üçin tölegi doly elektron görnüşe geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ulag ministri Ilhom Mahkamow habar berdi.
18-nji oktýabrda Halkara başlangyçlar hepdeliginiň çäklerinde žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde ministrligiň baştutany paýtagtyň ýer üsti ulaglary üçin QR kodly biletleri girizmek meýilleriniň bardygyny habar berdi. Şunuň ýaly QR kodly biletler häzirki wagtda metroda ulanylýar.
«2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap awtobuslar nagt puly kabul etmez. Duralgalarda bilet ýa-da QR kod [elektron bilet] satyn almak mümkinçiligi dörediler. Duralgalaryň köpüsinde infokioskalar gurnalyp goýlar» — diýip, Mahkamow gürrüň berdi.
Biletleri okap tanamak üçin ähli awtobuslarda ýörite enjamlar gurnalyp goýlar. Täze ulgamyň işe başlamagy bilen kondukturlara (bilet satyjylara) zerurlyk ýiter — diýip, ministr nygtady.
Mundan başga-da, ministr paýtagta tramwaýlaryň gaýdyp gelmegi baradaky temany gozgady. Degişli taslamanyň häzirki wagtda işlenip düzülýändigi, ýöne muny durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdiriş we infrastruktura meselelerini işläp taýýarlamaklygy talap edýändigi aýdyldy.
ATTO ulgamy Daşkentde 2020-nji ýylda işe başlady. Şu ýylyň fewral aýynda Daşkent welaýatynyň şäherlerini ýurduň paýtagty bilen birleşdirýän elektriçkalarda ulag we bank kartlaryndan töleg kabul edilmegi ýola goýuldy.
Maýda Daşkentde ähli ulag kartlarynyň satuw nokatlary öz işini bes etdi. Indi olary satyn almak we hasaby doldurmak UzPost bölümlerinde amala aşyrylýar, ol ýerde şeýle hem 1 günden 365 güne çenli möhletdäki tarif töleglerini resmileşdirip bolýar.
Awgustda ATTO Gyrgyzystanyň «Tulpar» ulag töleg ulgamy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekdi. Ulgamlaryň integrasiýasyndan soň Özbegistanyň raýatlary Bişkeke gitmek üçin ATTO kartlary arkaly töleg edip bilerler.