Ähli ýük daşaýjylar öz wagtynda sanawa goşulmak barada ýüz tutmaly bolarlar, ýogsam olara ýük daşamaklyga rugsat berilmez
2026-njy ýyldan başlap Russiýada ýük awtoulag daşaýjylaryň sanawynyň işe girizmegi ahmaldyr. Bu barada RBK Nowosibirskiýniň «Sibiriň logistikasy» atly maslahatynda Ulag we logistika pudagynyň Bilermenleriniň milli birleşiginiň ýerine ýetiriji direktory Olga Fedotkina gürrüň berdi.
«Ilkinji nobatdaky wezipe – bazaryň ähli gatnaşyjylaryny, park göwrümini hasaplap çykmak, eýeçilik hukuklaryny kesgitlemekdir. Şol bir wagtda ekspeditorlaryň sanawyny döretmegiň üstünde hem işlemeli, ol hem «GosLog» döwlet edarasynda ýerleşer» – diýip, bilermen gürrüň berdi.
Häzirki wagtda Döwlet dumasynda awtoulag arkaly ýük daşamalary amala aşyrylanda bazara goýbermek tertibini girizmek hakyndaky kanun taslamasy ikinji ara alyp maslahatlaşmak üçin garamaklyga taýýarlanýar. Ol ýük daşaýjylaryň sanawyny döretmegi, şeýle hem RF-nyň içinde ýük awtoulag daşamalarynyň bazaryna daşaýjylary goýbermek üçin täze talaplary bellemegi göz öňünde tutýar.
«RBK Nowosibirskiniň» ýazmagyna görä, ähli ýük daşaýjylar sanawa goşulmak üçin ýüz tutmaly bolarlar, ýogsam olara ýük daşamaga rugsat berilmez. Halkara logistikasy ýa-da öz hajatlary üçin daşamalar muňa degişli däldir. Sanawyň özüni umumy elýeterli etmek we ony «GosLog» edarasynyň binýadynda alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Ozal, 2024-nji ýylyň iýul aýynda Döwlet dumasy tarapyndan «GosLog» milli sanly platformasyny we ýük daşamalary barada habar beriş sanawyny döretmegi teklip edýän kanun taslamasyny birinji ara maslahatlaşmada kabul edipdi.