KIA kompaniýasy köp garaşdyran «Tasman» pikapy bilen tanyşdyrdy
31 Oktýabr
KIA kompaniýasy köp garaşdyran «Tasman» pikapy bilen tanyşdyrdy

Koreýanyň awtoulag ägirdi bolan KIA kompaniýasy özüniň täze «Tasman» pikapyny görkezişe çykardy. Ol özboluşly dizaýny we täsirli häsiýetleri bilen awtoaulaglar dünýäsinde uly seslenmä eýe boldy — diýip, Mail.ru habar berýär. «Tasman» awtoulagynyň daşky görnüşi pikaplaryň adaty keşbinden ep-esli tapawutlanýar. KIA kompaniýasynyň dizaýnerleri inedördül tigir arkalaryny hem-de gapdal gyralaryna tarap süýşürilen dik çyralary bilen üýtgeşik frontal çözgüdi özünde jemleýän hakyky özboluşly ulagy döretdiler.

Täze model gapdal tarapdan seredeňde has hem täsirli görünýär, bu ýerde ähli elementler ýatda galyjy sudury emele getirýär. Ýeňil platformada gurlan «Ford Maverick» we «Honda Ridgeline» ýaly bäsdeşlerinden tapawutlylykda, «Tasman» pikapy özüniň nusgawy çarçuwaly gurluşyna eýe boldy.

Awtoulagyň içki dizaýny pikaplaryň ýönekeý içki bezeginiň ozaldan ýörgünli bolan nusgasyny aradan aýyrýar. Salon üç displeý bilen enjamlaşdyrylandyr: 12,3 dýuýmlyk sanly abzallar paneli, 5 dýuýmlyk merkezi ekran we 12,3 dýuýmlyk multimedia ulgamynyň sensor displeýi. Şol bir wagtyň özünde, KIA kompaniýasynyň inženerleri köp ulanylýan funksiýalar üçin amatly fiziki dolandyryş düwmelerini, şol sanda differensialy blokirlemegiň we pessaý geçirişiň dolandyryş düwmelerini saklap galypdyr.

Öndüriji bu kysym üçin salonyň rekord derejedäki giňligini we zatlary goýmak üçin ýerleriň oýlanyşykly guralyşyny aýratyn nygtamak isleýär. Kuwwat beriji gurluşlarynyň hatary iki döwrebap hereketlendirijini öz içine alýar: onda pikapy 8,5 sekuntda 100 km çenli ýetirip bilýän 277 at güýjündäki 2,5 litrlik benzin turbomotory we 10,4 sekuntda tizlendirmäge ukyply 207 at güýjündäki 2,2 litrlik turbodizelli hereketlendirijisi oturdylandyr. Satyn alyjylara 6 tizlikli mehaniki we 8 tizlikli awtomatik transmissiýalaryň, şeýle hem öň tekerleriniň we doly 4 tekerleriniň hereket edýän ulgamlarynyň arasyndan birini saýlamak mümkinçiligi hödürlenýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem