Hytaýyň elektromobil öndürijisi bolan «BYD» kompaniýasy çärýekdäki girdejisiniň möçberi boýunça ilkinji gezek «Tesla» kompaniýasyndan öňe geçmegi başardy — diýip, «Rambler» saýty habar berýär. 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe görkezijilerine görä, «BYD» kompaniýasynyň girdejisi rekord derejede – 28,24 milliard dollar (201,12 milliard ýuan) bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24% ýokarlandy. Bu netije «Tesla» kompaniýasynyň şol döwürdäki 25,2 milliard dollarlyk görkezijisinden ep-esli ýokary boldy.
Hytaýyň awtoulag öndürijisiniň arassa peýdasy hem oňyn ösüşi görkezip, ol 11,5% ýokarlandy we rekord derejede — 1,63 milliard dollar (11,61 milliard ýuan) boldy. Emma bu görkeziji boýunça «Tesla» kompaniýasy çärýekde 2,2 milliard dollar netijesi bilen öňdebaryjylygyny saklap galýar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»