Arkadag şäherinde «4-lük» belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
31 Oktýabr
Arkadag şäherinde «4-lük» belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy

Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň has amatly şertlerde hereket etmekleri, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen «4-lük» belgili täze ugur boýunça elektrobus gatnawy ýola goýuldy. Bu barada "Arkadag" gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, täze gatnaw «akylly» şäheriň merkezi böleklerine çenli baryp ýetýär. Bu bolsa ýolagçylaryň barjak ýerlerine tiz we ygtybarly ýetmeklerini üpjün edýär. Täze ýola goýlan «4-lük» belgili elektrobus «Akhan» binasy — Berdimuhamet Annaýew şaýoly ugry boýunça hereket edýär. Täze ugur boýunça hereket «Akhan» binasyndan başlap, şäheriň Aba Annaýew şaýoluna düşýär. Soňra hereketiň gidişi we gaýdyşy şundan ybarat: Kärizek şaýoly — Berdi Kerbabaýew — Magtymguly Pyragy — Nury Halmämmedow köçeleri — Berdimuhamet Annaýew şaýoly — Mälikguly Berdimuhamedow şaýoly — Berdimuhamet Annaýew şaýoly — Çary Baýryýew — Magtymguly Pyragy — Berdi Kerbabaýew köçeleri — Kärizek şaýoly — Aba Annaýew şaýoly — Keýmir kör şaýoly — Kerim Gurbannepesow — Gowşut han köçeleri — Aba Annaýew şaýoly — «Akhan» binasy.

Häzirki wagtda «Arkadag — Wokzal», «Arkadag — Bäherden» aralyklarynda mikroawtobuslaryň hereket edýändigi, «Arkadag — Teke bazar», «Arkadag — Wokzal» aralyklary boýunça «100» we «101» belgili ýolagçy awtobuslarynyň üznüksiz hereketleriniň ýola goýlandygy barada hem çeşmede bellenilýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem