
Britaniýanyň awtoulag öndürijisi «Jaguar» öz içerki bazarynda ulaglaryny elektrikleşdirmegiň soňky tapgyryny durmuşa geçirmäge başlady. «SpeedMe» neşiriniň habar berşi ýaly, kompaniýa noýabr aýyndan başlap Beýik Britaniýada adaty hereketlendirijili täze awtoulaglaryň satuwyny togtadýar we diňe resmi maksatnama arkaly ozal ulanyşda bolan modellerini satuwa elýeterli edip goýdy. Bu ädim onuň 2021-nji ýylda yglan eden «Reimagine» strategiýasynyň bir bölegi bolup, şoňa görä hem brend 2025-nji ýyla çenli öz ulag hataryny doly görnüşde elektromobillere geçirmekligi meýilleşdirýär. Täze elektrik modelleriniň takmynan bir ýyldan soň satuwa çykmagyna garaşylýar.
Beýik Britaniýadan daşarda «Jaguar» içinden otlanýan hereketlendirijili we gibrid enjamly awtoulaglary satmagyny dowam etdirýär. Germaniýada «I-Pace», «F-Pace» we «E-Pace» krossowerleri, «XE» we «XF» sedanlary, şeýle hem «F-Type» sport kupesi elýeterlidir.
Amerikan bazary «XE» awtoulagyndan başga ýokarda agzalan model hataryny hödürleýär, Hytaýda bolsa sedanlaryň uzaldylan görnüşleri görkezişe çykarylýar. Täze elektrikleşdirilen awtoulaglar peýda bolýança, Britaniýanyň «Jaguar» kompaniýasynyň dilerleri satuwdan soňky hyzmat edişe üns bererler.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»