
Gazagystanyň iň iri hususy «Istkomtrans» operator kompaniýasy Almaty şäheriniň golaýynda ýerleşýän «Žetygen» konteýner terminalynyň kuwwatyny 2 esseden gowrak artdyrdy. Bu barada «InfraNews» neşirine beren interwýusynda kompaniýanyň baş direktory Almas Abaýdeldinow gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, 2023-nji ýylda bu terminal işe girizilende ol ýylda 36 müň TEU möçberi gaýtadan işläp bilýärdi, häzir bolsa onuň kuwwaty ýylda 50 müň TEU möçberden 100 müň TEU möçbere çenli baryp ýetdi.
«Biziň 50 gektardan gowrak meýdanymyz bar, şondan biz diňe 20 gektaryny özleşdirip bildik. Bu bolsa bize mundan beýläk-de ösmäge mümkinçilik berýär» — diýip, Almas Abaýdeldinow belledi. Ol şeýle hem ýylyň başynda terminalyň çäginde 80 elektrik nokada niýetlenen sowadyjy konteýnerler üçin meýdançanyň, şeýle hem köp ugurly wagonlardan ýa-da ýük ulaglaryndan gury konteýnerlere ürgün ýükleriň geçirilýän dökülip-gaplanylýan terminalyň işe başlandygyny sözüniň üstüne goşdy.