Russiýanyň «Atom» elektromobilini 2024-nji ýylyň ahyryna çenli çykararlar
06 Noýabr
Russiýanyň «Atom» elektromobilini 2024-nji ýylyň ahyryna çenli çykararlar

Russiýanyň «Atom» elektromobiliniň öndürijisi şu ýylyň ahyryna çenli onuň ilkinji tapgyrdan ozalky nusgalaryny çykarjakdygyny aýan etdi. Tapgyrlaýyn önümçiligi doly göwrümde işe girizmek bolsa 2025-nji ýylyň ortasyna meýilleşdirilýär. Ýygnama işleri brend tarapyndan kärendesine alnan «Moskwiç» zawodynyň döwrebaplaşdyrylan önümçilik hatarynda amala aşyrylar. Kärhana her ýylda 30 000 elektromobil öndürip biljek kuwwata eýedir — diýip, Ferra.ru saýty habar berýär.

Täze önüme hem hususy şahslar, şeýle hem kompaniýalar uly gyzyklanma bildirdiler — deslapky sargytlaryň sany 105 000-den geçdi. Elektromobiliň bahasy onuň enjamlaşdyrylyşyna baglylykda 2 milliondan 4 million rubla çenli aralykda üýtgäp biler. «Atom» elektromobiliniň tehniki häsiýetnamalary: ulag 205 at güýjüne deň bolan yzky elektrik hereketlendirijisi we 77 kWt⋅sagat kuwwatlykdaky litiý-ion akkumulýatory bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle konfigurasiýa 500 kilometr çemesi aralykdaky ýoly geçmäge we ugrandan soň 100 km/s tizlige 8 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa häzirki zaman elektromobil pudagynyň standartlaryna laýyk gelýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem