Ertir – 6-njy noýabrda Gyrgyz Resbublikasynyň Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) nobatdaky XI sammiti geçiriler. Sammite gurama agza döwletleriň, şeýle-de oňa synçy ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşar. Bu barada TASS ýazýar.
Nobatdaky sammitiň gün tertibindäki meseleler «Türki dünýäni güýçlendirmek: Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş, sanly gelejek we hemmeler üçin howpsuzlyk» şygary esasynda ara alnyp maslahatlaşylar. Sammitden soň 2025-nji ýylda TDG-niň başlyklygy Gyrgyzystana geçiriler.
Türki Döwletleriniň Guramasyna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan girýär, Türkmenistan hem-de Wengriýa bolsa synçy ýurt hökmünde gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, Bitarap Türkmenistan türki dilli döwletleriň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýar. Olaryň dowamynda doganlyk halklaryň arasyndaky dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylýar. Hut şu maksatlar bilen, 2009-njy ýylda Türki geňeş döredildi we 2021-nji ýylda Stambulda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitinde onuň ady üýtgedilip, Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy. Şol sammitde hem Türkmenistana bu guramada synçy derejesini bermek baradaky çözgüt kabul edildi.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»