Günorta Koreýada täzelenen «Kia Sportage» awtoulagy görkezişe çykaryldy
06 Noýabr
Günorta Koreýada täzelenen «Kia Sportage» awtoulagy görkezişe çykaryldy

«Kia» kompaniýasy Günorta Koreýada özüniň iň köp satylýan modelini — «Sportage» krossoweriniň täzelenen görnüşini görkezişe çykardy. Bu model özüniň öňden tanalýan daş keşbini saklamak bilen birlikde, düýpli wizual we tehniki täzelenmelere eýe boldy – diýip, Motor1 saýty habar berýär.

Awtoulagyň daşky görnüşi göze görner derejede üýtgedildi: onuň radiator gözeneginde has geometrik görnüşli täze dizaýny, şeýle hem häzirki wagtda kompaniýanyň stil aýratynlygy bolan L görnüşli gündizki yşyklary bolan dik çyralary peýda boldy. Dizaýnerler şeýle-de awtoulagyň yzky çyralarynyň ozalky görnüşini saklamak bilen, bamperlerini hem döwrebap görnüşde kämilleşdirdiler.

Koreýanyň bazarynda täze modeli satyn almak üçin sargytlar kabul edilip başlandy. Krossoweriň başlangyç bahasy 28,4 million won, gaz hereketlendirijili görnüşiniň bahasy 29 million wondan başlaýar, onuň gibrid hereketlendirijili görnüşi bolsa 34,6 million wona hödürlenýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem