«Brabus» týuning-atelýesi bahasy bir million ýewrodan geçýän tekerli öýi bilen tanyşdyrdy
07 Noýabr
«Brabus» týuning-atelýesi bahasy bir million ýewrodan geçýän tekerli öýi bilen tanyşdyrdy

Germaniýanyň «Brabus» týuning-atelýesi (bar bolan ulaglary täzeden başgaça işläp düzmek bilen meşgullanýan kiçiräk kärhana) özüniň awtoöýler segmentindäki ilkinji taslamasyny – «Big Boy 1200» kaşaň kemperini görkezişe çykardy. «Mercedes-Benz Actros» ulagynyň binýadynda döredilip, uzynlygy on iki metre barabar bolan göçme öý üç adam üçin rahat hem amatly ýaşamak üçin niýetlenendir. Bu awtoulagy kompaniýa 1,26 million ýewro bahadan hödürleýär — diýip, auto.ru saýty habar berýär. «Big Boy 1200» awtoulagynyň gurluşynyň aýratynlygy duralgada goýlan mahaly onuň ýaşamak üçin niýetlenen meýdanyny artdyrmaga mümkinçilik berýän çekilip çykarylýan modullardan ybarat bolmagydyr. Olar doly açylmak bilen öýüň giňligi 4,5 metre ýetýär we jemi ýaşaýyş meýdany 30 inedördül metrden geçýär.

Awtoulagyň konstruksiýasynyň berkligi gidrawlik diregler bilen üpjün edilýär. Awtoöýüň dürli abzallar bilen enjamlaşdyrylmagy bolsa onuň içki bezegini has-da täsirli edýär: onuň 160x200 santimetr ölçegdäki giň krowaty, sürüjiniň kabinasynyň üstündäki goşmaça ýatylýan ýeri, häzirki zaman durmuş tehnikasy bilen doly enjamlaşdyrylan göçme aşhanasy bar. Awtoöýüň tehniki enjamlaşdyrylyşy 43-düýmlyk iki sany telewizory, hemra internetini, daş-töwerege syn etme ulgamyny we ýylaýan poly bolan howa gözegçiligi enjamyny öz içine alýar. Doly öz-özüni tok bilen üpjün etmeklik ulagyň üstünde gurnalan gün panelleriniň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Bezeg işlerinde tebigy materiallar – arassa deri, gara agaç we karbon ulanylypdyr. Awtoulagyň kuwwat beriji gurluşyny aýlama döwri 2600 Nm eýe bolan 530 at güýçli 12,8 litrlik dizel hereketlendirijisi üpjün edýär. Awtoöýüň aňrybaş tizligi sagatda 90 kilometr bilen çäklendirilendir.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem