
2030-njy ýyla çenli Federal gümrük gullugy gözegçilik işlerini awtomatlaşdyrmak üçin 33 geçelgäni tehniki enjamlar bilen goşmaça üpjün eder. Bu barada Halkara gümrük forumynda Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Denis Tereşenko gürrüň berdi.
Hususan-da, ol ýerlerde agram-gabara ölçeýji toplumlary, radiasiýa gözegçilik ulgamlaryny, wagtlaýyn şlagbaumlary, awtobarlag we ýük ulaglaryny mejbury saklamak ulgamlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar.
– Häzirki wagtda täzeden gurnama işleriniň çäklerinde gözegçilik işlerini awtomatlaşdyrmak üçin tehniki enjamlar – wagtlaýyn şlagbaum, radiasiýa gözegçilik ulgamy, agram-gabara ölçeýji toplumlar, göçme gözegçilik-barlag toplumlary we beýleki birnäçe tehniki serişdeler ornaşdyrylar, olar ulag serişdesi girenden soň zerur barlama we beýleki gözegçilik wezipelerini amala aşyrarlar. Ähli alnan maglumatlar ýeke-täk maglumat ulgamyna iberiler. Şeýle çözgüt «Tagirkent-Kazmalýar» köpugurly awtoulag geçelge nokadynda synag ulanyş görnüşinde geçirilýär – diýip, Denis Tereşenko gürrüň berdi.
Federal gümrük gullugy Uzak Gündogar federal okrugynyň awtoulag geçelgelerinde elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.