Betmobiliň hakyky replikalary satuwa çykaryldy
11 Noýabr 2024
Betmobiliň hakyky replikalary satuwa çykaryldy

Betmeniň 85 ýyllygy mynasybetli «Warner Bros.» kompaniýasy Nolanyň trilogiýasynyň esasynda döredilen meşhur «Tumbleriň» 10 sany takyk nusgasyndan ybarat bolan çäkli tapgyryň satuwyny yglan edýär. Kaliforniýanyň «Action Vehicle Engineering» kompaniýasy tarapyndan ýasalan her bir awtoulagyň bahasy alyjylar üçin 3 million dollara düşer — diýip, Ferra.ru saýty habar berýär. Mälim bolşy ýaly, bu replikalar elde ýasalýar we ol 15 aýlap yhlas bilen işlenilmegini talap edýär. Olar filmleriň surata düşürilişine gatnaşmadyk bolsalar-da, her bir awtoulag asyl «Tumbleriň» takyk nusgasydyr. Täsirli häsiýetnamalaryna garamazdan, «Tumbleriň» replikalarynyň käbir çäklendirmeleri bar.

Mysal üçin, olar adaty ýollar üçin niýetlenilen däldir we olar galapyn kolleksionerlere şular ýaly zatlary toplamak üçin laýyk gelýär. Mundan başga-da, onuň hereketlendirijisinden çykýan ot-ýalyn täsiri bolsa emeli ýagdaýda döredilýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»