«Hyundai» awtoulaglaryň salonlaryna fiziki düwmeleri gaýdyp getirýär
12 Noýabr
«Hyundai» awtoulaglaryň salonlaryna fiziki düwmeleri gaýdyp getirýär

Koreýanyň awtoulag öndürijisi «Hyundai» sarp edijileriň garaýyşlaryny seljerenden soň, öz awtoulaglaryna fiziki dolandyryş düzüm böleklerini gaýdyp getirmegi karar etdi. «JoongAng» neşiriniň maglumatyna görä, kompaniýa sensor ekranlaryny çenden aşa ulanmagyň sürüjiler üçin amatsyz ýagdaý döredýändigini ykrar etdi — diýip, auto.ru saýty habar berýär.

«Hyundai» kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky dizaýn studiýasynyň wekilleri uly media ekranlary ornaşdyrylan mahalyndaky başdaky höwesiň olaryň amaly kemçiliklerine düşünmek bilen çalşandygyny bellediler. Sürüjiler awtoulagyň funksiýalaryny çalt dolandyrmakda, aýratyn-da howa-klimat gözegçiligini sazlamakda kynçylyklaryň bardygyny, bu ýerde fiziki düwmäni aýlamagyň sensor ekran bilen işlemekden has netijeli bolýandygyny belleýärler.

Kompaniýa eýýäm adaty dolandyryş elementlerini gaýdyp getirmek işlerine başlady. Ilkinji üýtgeşmeleri täzelenen «Ioniq 5» modelinde görüp bolýar, bu ýerde restaýlingden (stil çalşylandan) soň goşmaça fiziki sazlaýjylar peýda boldy. Emma «Hyundai» kompaniýasy geljege hem garaýar we özbaşdak hereket etjek ulaglaryň ösüşi bilen ulanyjylaryň sensor dolandyryşa bolan garaýyşlarynyň üýtgäp biljekdigini çaklaýar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem