Aşgabatda türk filmleriniň görkezilişi bolar
14 Noýabr
Aşgabatda türk filmleriniň görkezilişi bolar

"Gorkut ata" kinofestiwalynyň çäklerinde Aşgabatda türk filmleri görkeziler. Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet bölüminiň habar bermegine görä, tomaşaçylara üç sany film görkeziler.

"Sadyk Ahmet" filmi "Aşgabat" kinoteatrynda iki gezek - 13-nji noýabrda sagat 15:00-da we 15-nji noýabrda sagat 11:00-da görkeziler.

14-nji noýabrda şol kinoteatrda sagat 16:30-da "Waweýla 1913-1918" atly filmi görkeziler.

Şol günde, 14-nji noýabrda, "Türkmenistan" kinokonsert merkezinde sagat 17:00-da tomaşaçylar "Haýrimator" multfilmine tomaşa edip bilerler.

Ähli filmler festiwalyň türk filmler maksatnamasynyň çäklerinde görkeziler.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem