Türkmenistanda ýaş robototehnikçileriň bäsleşigi geçiriler
14 Noýabr
 Türkmenistanda ýaş robototehnikçileriň bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde uly göwrümli bilim taslamasyny ýola goýýar. Ýaşlar guramasynyň web-saýtynda habar berilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda paýtagtymyzda robototehnika ugrundan zehinli okuwçylary ýüze çykarmaga we goldamaga gönükdirilen "Ýaş robototehnikaçy" atly bäsleşik geçiriler.

Bäsleşige Türkmenistanyň ähli künjeginden umumy bilim berýän mekdepleriň 7-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilerler. Çäre ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçiriler.

Her ugurdaky ýeňijiler diňe bir Hormat hatlary bilen däl, eýsem gymmatly sowgatlar bilen-de sylaglanarlar.

Gatnaşyjylar 23.11.2024 senesine çenli (https://forms.gle/exCfb7BCqR5gUxKDA) gysga salgynyň üsti bilen öňünden ýazylmalydyrlar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem