2024-nji ýylyň 11-nji noýabryndan başlap, Türkiýä iki taraplaýyn we üstaşyr ýük daşamak üçin rugsatnamalar diňe E-Permit ulgamy arkaly elektron görnüşde berilýär.
Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu görnüşdäki ähli resminamalary indi diňe awtomatlaşdyrylan «E-Avto ruxsatnoma» platformasy arkaly resmileşdirip bolýar. Milli ýük daşaýjylar bu ulgam arkaly özbaşdak ýüz tutup, elektron rugsatnamalary resmileşdirip bilýärler.
2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde Özbegistandan ýük daşamak üçin ýüz tutmalaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 71% artdy.
Eksport ýük daşamalaryna bolan islegiň ösüşi ikinji çärýekde ep-esli ýokarlanan hem bolsa, üçünji çärýekde bu ösüşiň artandygy görünmedi diýen ýalydyr we ol 6% göterime barabar boldy.
E-Permit ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýük daşamak üçin rugsatnamalary almak amalyny ýeňilleşdirmäge we garaşylýan wagtyny gysgaltmaga gönükdirilendir.


