«R44 Performance» týuning kompaniýasy «Tom Wrigley Performance» topary bilen bilelikde «BMW M2» ulagynyň kuwwaty 1500 at güýjüne barabar bolan gaýtadan işlenen modelini görkezişe çykardy. Awtoulag dünýädäki iň ýokary tizlikde hereket etmäge ukyply «M2» görnüşi bolmak maksady öňde goýlan şüweleň ulagy hökmünde taýýarlandy – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Inženerler binýatlaýyn modeliň içini doly üýtgedip, alty silindirli asyl hereketlendirijiniň konfigurasiýasyny saklap galdylar.
Esasy tehniki çözgüt – doly herekete getiriji ulgamyny gurnamak boldy – bu mehanizm «BMW M3» kysymynyň wersiýasyndan alyndy. Awtoulagyň daşky görnüşi asyl dizaýnynyň aýdyň alamatlaryny saklap, diňe käbir aerodinamiki gowulandyrmalar bilen üpjün edildi.
Aýratyn üns onuň agramynda we howpsuzlygynda jemlenildi: kuzow elementleriniň bir bölegi karbondan edilen düzüm bölekleri bilen çalşyryldy, salon bolsa ýeňil uglerоd plastmassadan oturgyçlar we köp düwmeli howpsuzlyk guşaklary bilen üpjün edildi. Has netijeli çözgütleriň biri - paraşut ulgamynyň gurnalmagy boldy, ol ulagyň adatdan daşary togtamasyny üpjün etmelidir.
Işläp düzüjiler topary ABŞ-nyň dreg ýollarynda çykyş etmegi meýilleşdirýär, onuň birinji resmi çykyşy geljek ýylyň martynda göz öňünde tutulýar.