Hytaýyň «Exlantix» elektromobil öndürijisi awtoulagyň eýesiniň smartfonyny köp funksiýaly awtoulag dolandyryş abzalyna öwürjek innowasion ykjam çözgüdi ulanyşa goýbermäge taýýarlyk görýär – diýip, Mail.ru saýty habar berýär. Telematika ulgamy bilen utgaşdyrylan täze goşundy ulanyjylara awtoulagy uzakdan dolandyrmagyň esasy funksiýalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Awtoulagyň eýeleri elektromobile elýeterliligi uzakdan dolandyrmak bilen, hereketlendirijini işledip we howa-gözegçilik ulgamynyň işini sazlap bilerler.
Programma üpjünçiligi awtoulagyň eýelerine elektromobiliň ýagdaýyny anyklaýyş maglumatlaryna, şol sanda batareýanyň zarýadyny gözegçilikde saklamaga, esasy ulgamlaryň ýagdaýyny we tekerleriň basyşyny görkezýän maglumatlara doly elýeterliligi üpjün eder. Şunda howpsuzlyga aýratyn üns berilýär: goşundy awtoulagyň ýerleşýän ýerini hakyky wagtda yzarlamaga we gorag ulgamy işlän halatynda dessine habar bermäge mümkinçilik berer.
Geljekde işläp düzüjiler konnektorlaryň görnüşi we zarýad enjamynyň kuwwaty boýunça filtrden geçirmek mümkinçiligi bolan zarýad beketleriniň interaktiw kartasyny goşmak arkaly elektromobiliň funksiýanalyny giňeltmegi meýilleşdirýärler.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»