Ady rowaýata öwrülen «Cherokee» gaýdyp gelmeklige taýýarlanýar
23 Noýabr
Ady rowaýata öwrülen «Cherokee» gaýdyp gelmeklige taýýarlanýar

«Motor1.com» neşiriniň çap eden maglumatyna görä, «Jeep» kompaniýasy 2025-nji ýylda awtoulag bazaryna uly seslenmä eýe boljak gaýdyp gelişe taýýarlyk görýär. Brendiň baş direktory Antonio Filos ady rowaýata öwrülen «Cherokee» adyny täzeden janlandyrjak täze modeliň işlenip taýýarlanýandygyny tassyklady.

Taslamanyň jikme-jiklikleri häzirlikçe gizlinlikde saklanýan hem bolsa, täze modeliň «4xe» hataryndaky görnüşleri ýaly, doly gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylmajakdygy eýýämden belli. Emma, satyn alyjylaryň elektromobillere bolan gyzyklanmalarynyň peselýändigini nazara alyp, öndüriji dinamiki aýratynlyklaryny gowulandyrmak üçin onuň «ýumşak» gibrid ulgamyny starter-generator bilen enjamlaşdyrmak mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.

Mälim bolşy ýaly, «Cherokee» awtoulagy 2023-nji ýylda önümçiligi bes edilmezinden öň, Amerikanyň bazarynda ýarym asyr töweregi öndürilipdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem