Günorta Amerikada awtoulaglaryň howpsuzlygyna baha bermek boýunça ýöriteleşen «Latin NCAP» abraýly guramasy «Citroen C3 Aircross» krossoweriniň synaglarynyň alada döredýän netijelerini görkezdi. Geçirilen synag etmeleriň netijelerine görä, awtoulag mümkin bolan bäş ýyldyzyň hiç haýsyny alyp bilmedi – diýip, motor1.com saýty ýazýar. Jikme-jik barlaglaryň netijeleri çynlakaý alada döredýär. Uly ýaşly ýolagçylaryň we sürüjiniň goraglylygy zordan 33% ýetdi, çagalaryň howpsuzlyk derejesi bolsa örän pes – ol diňe 11% eýe boldy.
Pyýadalaryň goraglylygy 50% baha mynasyp boldy, işjeň howpsuzlyk ulgamlarynyň netijeliligi bolsa diňe 35% eýe boldy. Aýratyn-da, gapdal urgylaryna garşy kuzowyň kanagatlanarsyz durnuklylygy örän çylşyrymly ýagdaý boldy.
PSA-nyň Braziliýadaky zawodynda öndürilen synag nusgasy diňe iki sany howpsuzlyk ýassygyny öz içine alýan howpsuzlyk serişdeleriniň binýatlaýyn toplumy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şu ýerde bu modeliň hindi wersiýasynyň hem ozal synag edilende kanagatlanarsyz netijeleri görkezen ýagdaýyny bellemek zerurdyr. Alnan netijelere baglylykda, «LatinNCAP» guramasynyň hünärmenleri Stellantis, PSA we Citroen kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna modeliň hem işjeň, şeýle hem ulaga edilýän täsire garşy howpsuzlyk ulgamlaryny gowulandyrmak boýunça derwaýys zerur bolan maslahatlary iberdiler.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»


