Dubaýyň patyşa maşgalasynyň agzasy üçin ýörite sargyt esasynda döredilen özboluşly islendik ýolda ýöremäge ukyply «Mercedes-Benz» awtoulagynyň G-Class kysymy kim ýokary satuwyna çykaryldy – diýip, Carbuzz neşiri habar berýär.
Bu modeliň aýratynlyklary uzak ýyllaryň dowamynda gizlin saklanyldy. Germaniýanyň awtoulag öndürijisi, käbir maglumatlar boýunça, şeýle seýrek nusga üçin AMG bölüminiň müşderileriniň arasyndan satyn alyjylary ýörite saýlap alýardy.
Adaty «Mercedes-Benz G63 AMG» awtomobiliniň sekiz silindirli hereketlendirijilerinden tapawutlylykda, bu ulag 440 at güýjüne eýe bolup, on iki silindirli hereketlendiriji bilen üpjün edilendir. Hünärmenler şunuň ýaly awtoulaglaryň diňe bäş sanysynyň öndürilendigini belleýärler. Kim ýokary söwdasyna çykarylan 2002-nji ýylda öndürilen islendik ýolda hereket edýän awtoulagyň örän baý taryha eýedir, iki onýyllygyň dowamynda ol diňe resmi dabaralar üçin ulanylypdyr. Awtoulagyň hereket edip, geçen ýoly bary ýogy 44,5 müň kilometrdir. RM Sotheby's kim ýokary söwda öýi bu gaýtalanmajak özboluşly awtoulag nusgasyny 350-400 müň dollar aralygynda satmakçy bolýar.