
«General Motors» konserni Formula-1 ýaryşyna goşulýandygyny resmi ýagdaýda yglan etdi we «Cadillac» kysymy bilen on birinji komandany döredýär. Ýaryş tapgyrynyň ýolbaşçylary we amerikan awtoulag konserni oňa 2026-njy ýylda badalga bermek barada esasy ylalaşyga geldiler – diýip, auto.ru saýty bu barada habar berýär.
Ilkibaşda «Cadillac» çempionata «Andretti» komandasy bilen bilelikde goşulyşmagy meýilleşdirýärdi we munuň üçin 2023-nji ýylda degişli arzany beripdi. Başdaky ret edilmegine garamazdan, taraplar ylalaşykly çözgüde geldiler: Mariо Andretti, soňky amerikan Formula-1 ýaryşynyň çempiony, «Cadillac F1» täze komadasynyň direktorlar geňeşine girer.
«General Motors» konserninde tutuş bir ýylyň dowamynda aerodinamika, programma üpjünçiligi we kompýuter modelirlemegi boýunça hünärmenleriň toparyny düzmekligi öz içine alýan esasy taýýarlyk işleriniň geçirilendigini tassykladylar.
Ýaryşa goşulyşma strategiýasy tapgyrlaýyn ösüşi göz öňünde tutýar: ýaryşyň birinji iki möwsüminde komanda hyzmatdaşlaryň kuwwatly güýç agregatlaryny ulanar, 2028-nji ýyla çenli bolsa öz hereketlendirijisini hödürlemegi meýilleşdirýär.