Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlary gurlar
27 Noýabr 2024
Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda täze  ýaşaýyş jaýlary gurlar

"Türkmennebit" döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada "Iner" hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy noýabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýlaryny 2026-njy ýylyň noýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe "Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda" bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»