Italýanyň aňrybaş «Lamborghini» awtomobillerini öndüriji kompaniýasy elektrikleşdirme strategiýasynyň üýtgedilmejekdigini tassyklady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Stefan Winkelmann Ýewropada elektrikde işleýän ulag serişdelerine bolan islegiň peselmegine garamazdan, elektromobiliň birinji tapgyryny çykarmak meýilleriniň üýtgemejekdigini aýtdy – diýip, auto.ru saýty habar berýär. «Lanzador» konseptiniň esasynda dörediljek model kompaniýanyň dördünji özbaşdak modeli bolup, şu onýyllygyň ahyryna çenli görkezişe çykarylar. Kompaniýa özüniň strategiýasynyň dogry çözgütdigini ynanýar, ylaýta-da gibrid (garyşyk) modelleriň üstünlikli satuwlarynyň boljakdygyna bil baglaýar. Ýewropa awtoulag bazarynyň statistikasy elektrik ulag serişdelerine bolan gyzyklanmanyň bir az peselendigini görkezýär.
Ýewropanyň awtoulag öndürijileriniň birleşiginiň (ACEA) maglumatyna görä, şu ýylyň başyndan bäri elektrik awtoulaglaryň satuwlary 4,9%, goşmaça düzümli gibrid awtoulag serişdeleriniň satuwlary bolsa 7,7% pes gaçdy. Winkelmann häzirki «Lamborghini» awtoulagyň hatary diňe gibrid modellerden ybarat bolup, satuwlaryň rekord görkezijilerini goýmaklygy dowam etdirýär – diýip, belledi. Kompaniýanyň strategiýasy brendiň däp bolan filosofiýasyny birden üýtgetmezden elektrik görnüşe kem-kemden oýlanyşykly geçmegi göz öňünde tutýar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»