«BYD» autoulag kompaniýasy täsirli ösüşleri gazanýandygyny görkezdi. Şu ýylyň noýabr aýynda kompaniýa 506 804 ulag satmagy başardy, bu geçen ýylyň degişli döwürdäki görkezijisinden 67,87% ýokarydyr. Bu barada auto.ru saýty habar berýär. Satuwlar boýunça geçirilen jikme-jik seljermeler esasy möçberiň ýeňil awtomobilleriň 504 003 birliginiň düzendigini görkezýär, bu bolsa ýyllyk hasaplamada 67,23% ösüşe eýe bolandygyny aňladýar. Gibrid (garyşyk) hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwlarynyň sekiz aýdan bäri birinji gezek oktýabr aýy bilen deňeşdirilende 1,6% pese gaçandygyny görkezendigi bellärliklidir. «BYD» kompaniýasynyň täjirçilik bölümi hem depginli ösüşi görkezýär.
Noýabrda 2 801 sany täjirçilik ulag serişdesi satyldy, bu geçen ýylyň görkezijisinden 433,52% köpdür we oktýabryň görkezijisinden 31,44% ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, halkara bazarynda uly bolmadyk netijeleriň bolandygy bellenmelidir. Hytaýdan daşarda kompaniýa 30 977 elektrik we gibrid hereketlendirijili awtoulagy satdy, bu bolsa geçen ýylyň noýabr aýynyň görkezijisinden bary-ýogy 1,14% ýokarydyr, 2024-nji ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende bolsa ol 0,69% pesdir.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»