
«HPC Hamburg Port Consulting» kompaniýasy Gruziýada «bir bitewi deňiz penjiresini» işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça taslamany amala aşyrýandygyny mälim etdi.
Kompaniýany «SeaNews» neşirine beren habaryna görä, ulgam üstünlikli synagdan geçipdir. Taslama programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjy «Prodevelop» kompaniýasy bilen ýerli «Plisk Consulting» kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda durmuşa geçirildi.
400-den gowrak ulanyjysy bolan sanly platformanyň kagyzly resminamalar dolanyşygyndan çykmaga, hemme zatda aýdyňlygy we pudaklaryň arasynda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge mümkinçilik berer – diýip, «Hamburg Port Consulting» kompaniýasynda nygtaýarlar.
Gruziýanyň deňizdäki «Bir bitewi penjiresi» Halkara deňiz guramasy tarapyndan bildirilýän talaplara doly laýyklykda işlenip taýýarlandy we Ýewropanyň deňiz howpsuzlygy agentliginiň standartlaryna gabat gelýär.
«Bir bitewi penjiräni» ornaşdyrmak bilen, Gruziýa «saýlama kluba» goşulýar, oňa öz işlerini bir ulgama birleşdiren we sanly görnüşe getiren deňiz dolandyryş edaralarynyň 2% girýär – diýip, «Hamburg Port Consulting» kompaniýasynda bellediler.