«Genesis» kompaniýasy LMDh kysymynyň tehniki düzgünlerine laýyk gelýän täze «GMR-001» ýaryş awtoulagy bilen köpçüligi tanyşdyrdy. Bu awtoulag 2026-njy ýyldan başlap WEC we IMSA çempionatlaryna gatnaşmak üçin niýetlenýär – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Ýaryş awtoulagynyň şassisini döretmek bilen meşgullanýan meşhur fransuz ýaryş ulaglarynyň öndürijisi «Oreca» kompaniýasydyr. Emma «Genesis» kompaniýasy özüniň esasy
«Hyundai» konserniniň ýokary öndürijilikli hereketlendirijileri döretmekdäki baý tejribesine esaslanmak bilen, ulagyň güýç beriji gurluşlaryny işläp taýýarlamagy özbaşdak alyp barýar. «GMR-001» giperkaryny, deslapdan berlen maglumata görä, germaniýaly meşhur sürüji André Lotterer dolandyrar, ol Le-Manede geçirilen ýaryşlarda üç gezek ýeňiş gazanmagy başarypdy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»