Hytaýyň dört awtoulagy Euro NCAP komitetiniň «kraş-test» synaglaryndan üstünlikli geçdi
09 Dekabr 2024
Hytaýyň dört awtoulagy Euro NCAP komitetiniň «kraş-test» synaglaryndan üstünlikli geçdi

Hytaýyň dört sany awtoulagy Ýewropanyň Euro NCAP garaşsyz guramasy tarapyndan geçirilýän howpsuzlyk synaglaryndan üstünlikli geçdi – diýip, gazeta.ru saýty habar berýär. Halkara howpsuzlyk synagyndan 5 ýyldyz bilen ýokary baha alan modellere şular girýär: Changan kompaniýasynyň «Deepal S07» ulagy, şeýle hem Stellantis bilen bilelikde işlenip düzülen «Leapmotor C10» ulagy, SAIC kompaniýasy tarapyndan öndürilen «Maxus eTerron 9» ulagy we Geely tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen döredilen «Volvo EX30» ulagy. «Maxus eTerron 9» modeli aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.

Bu awtoulag ähli synagdan geçirilen modelleriň arasynda iň ýokary netijeleri görkezmegi başardy. Awtoulag sürüjiniň we ýolagçylarynyň howpsuzlygy üçin 91%, çagalaryň howpsuzlygy üçin 85%, pyýadalaryň howpsuzlygy üçin 84% we işjeň howpsuzlyk ulgamlarynyň işi üçin 83% aldy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»