«Xiaomi» kompaniýasy ilkinji krossoweriniň resmi suratlaryny giň köpçülige ýaýratdy
10 Dekabr 2024
«Xiaomi» kompaniýasy ilkinji krossoweriniň resmi suratlaryny giň köpçülige ýaýratdy

«Xiaomi» kompaniýasy özüniň elektrikde işleýän täze «YU7» krossoweri bilen tanyşdyrdy. Resmi tanyşdyryş çäresi bolsa 2025-nji ýylyň tomsunda geçiriljekdir. Deslapky maglumatlara görä, awtoulag ähli dört tekeri hereket edýän we iki sany kuwwatly elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün ediler – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Daşyndan synlanyňda «YU7» krossoweri «SU7» sedanyna meňzeýär, emma ondan has ýokary galdyrylan klirensi hem-de has belent ýokary tarapy bilen tapawutlanýar.

Öň tarapky bölümiň dizaýny, yşyklandyryş tehnikasy we hatda diffuzory tutuşlaýyn sedan görnüşine deň gelýär. Krossoweriň elektrikde işleýän iki hereketlendirijisiň umumy kuwwaty 690 at güýjünden gowrak bolar. Şeýle güýçli hereketlendirijisiniň bolmagyna garamazdan, onuň aňrybaş tizligi sagatda 253 km bilen çäklendiriler.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»